Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi. Gutlag şu gün «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. «Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegi we ýurduňyzyň ähli döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlylygy parahatçylyga hem-de syýasy hyzmatdaşlyga garşy dürli wehimleriň döreýän häzirki şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir» diýlip gutlagda bellenilýär. Mundan başga-da, Belarus Respublikasynyň Lideri öz gutlagynda häzirki döwrüň kynçylyklaryna garamazdan, Minskiniň we Aşgabadyň iki ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, raýatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen özara bähbitli netijeli gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirjekdigine ynanýandygyny belleýär. Aleksandr Lukaşenko gutlagyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, öňde goýan maksatlaryny durmuşa geçirmekde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýär!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir