Türkmenistanly Şahzadbek Mätýakubow agyr atletika boýunça Doha şäherinde geçirilen Gran-pri II turnirinde altyn medala mynasyp boldy. Bu ýaryş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyry bolup durýar. Türkmen türgeni ýaryşda 96 kilograma çenli agram derejede çykyş etdi. Ol ştangany silterläp götermekde 167 kilogram, itekläp götermekde 204 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 371 kilogram netije bilen iki altyn we bir kümüş medalyň eýesi boldy. Iki görnüşiň jemi boýunça kümüş medal ermenistanly Dawid Owannisýana (370 — 170 kg we 200 kg), bürünç medal bolsa KHDR-iň wekili Bong Ýan Te (362 kg — 161 kg we 201 kg) nesip etdi. Zenanlaryň arasynda 76 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ýene bir türkmenistanly türgen, Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň 59 kilograma çenli agram derejesindäki wise-çempiony Polina Gurýewa medal gazanmak üçin bir ädim ýetmedi. Ýeri gelende bellesek, Şahzadbekiň gazanan medaly Katardaky turnirde türkmen türgenleriniň üçünji üstünligidir. Mundan ozal Dohadaky Gran-pri II turnirinde Bunýod Raşidow (67 kilograma çenli agram derejede) we Gaýgysyz Töräýew (81 kilograma çenli agram derejede) bürünç medala eýe çykypdylar. Halkara agyr atletika federasiýasynyň Doha şäherinde geçirilýän Gran-pri turniri 14-nji dekabrda tamamlanar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir