Saud Arabystanynda geçirilýän Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň birinji tapgyrynda ýer eýesi «Al-Ittihad» Täze Zelandiýanyň «Oklend Siti» toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Jidda şäherindäki «Korol Abdylla Sports Siti» stadionynda geçirildi. Duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryna Romarinýo (29), Ngolo Kante (34) we Karim Benzema (40) awtorlyk etdi. Indi «Al-Ittihad» Klublaryň arasyndaky DÇ-2023-de Müsüriň «Al-Ahli» topary bilen güýç synanyşar. Bu jübütiň ýeňijisi ýarym finalda Braziliýanyň «Fluminense» klubyna garşy meýdança çykar. Çärýek finalyň beýleki jübütinde bolsa Meksikanyň «Leon» topary Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmondsy» bilen duşuşar. Bu gapma-garşylygyň ýeňijisi ýarym finalda Angliýanyň «Mançester Siti» kluby bilen oýnamaga hukuk gazanar. Ýeri gelende bellesek, Klublaryň arasyndaky dünýä çempionaty 2000-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Ýaryşyň häzirki çempiony geçen ýylky finalda «Al-Hilaly» 5:3 hasabynda ýeňen «Real» hasaplanýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir