Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilmegine görä, özbek Lideri türkmen halkynyň Milli Liderine iberen gutlag hatynda şeýle diýýär: «Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Gadyrly doganym! Sizi we doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň milli baýramy —Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurduňyzyň halkara abraýynyň hemmetaraplaýyn ýokarlanmagyna ýardam berýär hem-de içeri we daşary döwlet syýasatyňyzyň ileri tutulýan ugurlaryny doly derejede beýan edýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen we Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanylan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» atly Kararnama möhüm halkara resminama bolup durýar. Türkmenistanyň geçen 28 ýylyň dowamynda dostluk, ylalaşyk, raýdaşlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk taglymlaryna daýanýan parahatçylykly daşary syýasatynyň esasynda okgunly ösýändigini bellemek gerek. Siziň berk syýasy erkiňiziň we tagallalaryňyzyň netijesinde, bu asylly taglymlaryň durmuşda öz beýanyny tapandygyny aýratyn kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Şeýle hem Özbegistanyň we Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna, asyrlaryň dowamynda parahatçylykda we hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandyňyzy bellemek isleýärin. Hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegimiziň netijesinde, bu gatnaşyklarymyzy we özara goldawymyzy ähli ileri tutulýan ugurlarda bar bolan mümkinçiliklerimize laýyk gelýän derejä çykaryp biljekdigimize berk ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny we ýurduňyzyň ösüşiniň bähbidine alyp barýan işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin».

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir