Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. «Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilmegine görä, Prezident Şawkat Mirziýoýewden Prezident Serdar Berdimuhamedowa gelip gowşan hatda şeýle diýilýär: «Sizi we ähli doganlyk türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlamaga örän şatdyryn. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi Siziň köpmilletli döwletiňiziň dünýäniň ýurtlary bilen dostlugynyň we raýdaşlygynyň, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, şeýle hem Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine hyzmat edýär. Elbetde, biz doganlyk Türkmenistanyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny hem-de sebitde howpsuzlygy, parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, şeýle hem biziň hemmetaraplaýyn gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlaryny hemişe işjeň goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzda täze taryhy sepgitlere ýetendigimizi we ýokary derejedäki dialogymyzy işjeňleşdirmegiň hasabyna strategik hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrandygymyzy kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklarymyzyň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny we jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin».

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir