2023-nji ýyl üçin Nobel baýragynyň eýesi, norwegiýaly ýazyjy Ýun Fosse «edebiýat» sözüni ýazanda, ýalňyşdy diýip, «Verdens gang» neşirine salgylanýan «News.ru» habar berdi. Habarda edebiýat (literatur) sözüniň norweg diliniň dürs ýazuw kadalaryna laýyklykda, iki sany t bilen — «litteratur» diýlip ýazylmalydygy, emma Nobeliň täze eýesiniň bir t bilen — «literatur» diýip ýazandygy aýdylýar. Fosse Nobeliň baýragynyň Stokgolmdaky muzeýinde baýrak gowşurylyş dabarasynda oturan oturgyjyna bu sözi ýazmaly bolanda, ýalňyşlyga ýol berdi. «Men norwegçe edebiýat sözüni nädip ýazmalydygyny bilýärin. Dürs ýazuw kadalaryna-da dykgat edýärin. Emma iňlis dürs ýazuwyny hem garyşdyryp, ýalňyşlyga ýol beripdirin öýdýärin» diýip, Fosse boýun aldy. Ýazyjy 2023-nji ýyl üçin baýraga «beýan edip bolmajak durmuş ýagdaýlaryny şöhlelendirýän kyssa we drama eserleri üçin» mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir