Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň goşunynyň birinji ylmy sergisine baryp gördi. Bu barada «Mehr news» habar berdi. Sergä Türkmenistandan başga-da, Germaniýanyň, Hytaýyň, Alžiriň, Braziliýanyň, Ukrainanyň, Slowakiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Yragyň, Ermenistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň, Bolgariýanyň, Omanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Çehiýanyň, Wýetnamyň, Siriýanyň, Pakistanyň we Gresiýanyň hem wekiliýetleri baryp gördüler. Ýeri gelende bellesek, mundan ozal, 17 — 19-njy noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde «Iran Prože» ýöriteleşdirilen sergisiniň geçirilendigini habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir