«Rowachpack» haryt nyşanly polipropilen haltalary, polipropilen «ýeňleri» we uly sumkalary öndürýän «Rowachlan Galkynysh» türkmen kärhanasynyň işi eýýäm köp wagtdan bäri daşarky bazarda özboluşly orna eýe bolup gelýär. Häzirki wagtda kompaniýa eksport ugruny işjeň ösdürmek bilen, halkara işewürlik ülňülerine laýyklykda iş alyp barýar. Işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy netijesinde önümleriň ýokary hilli bolmagy sarp edijileriň gyzyklanmalaryna üns bermek we kompaniýanyň marketologlarynyň başarnykly işi netijesinde mümkin boldy. «Rowachpack» polipropilen haltalary azyk we tehniki önümler üçin niýetlenendir. Olar Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen ýokary hilli başlangyç çig maldan ýasalýar we ýaramlylyk möhleti babatda örän berkdir. Ony çyglylykdan, gemrijilerden we mör-möjeklerden gorap saklamagyň zerurlygy ýok. Bu haltalar ýeňil we çydamly, şol bir wagtyň özünde örän arzan hem-de olara dürli sebitlerde hemişe isleg bildirilýär. Kompaniýanyň üstünlik gazanmagynyň syry diňe bir ýokary halkara talaplaryna laýyk gelýän önümçilik işini guramakda däl. Üstünligiň ugurlarynyň biri — işewür hyzmatdaşlar bilen işlemekde ulgamlaýyn çemeleşme. Russiýa Federasiýasyndan we GDA ýurtlarynyň birnäçesinden azyk önümlerini we gurluşyk materiallaryny öndürijilerden, şeýle-de üpjün edijilerden ybarat bolan sargyt edijileri kompaniýanyň önümleriniň bahasynyň hiline gatnaşygy gyzyklandyrýar. «Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň wekilleriniň habar berşi ýaly, marketing syýasatyny başarnykly gurmagy dowam etdirýän, onlaýn we daşarky işewürlik duşuşyklaryň artykmaçlyklaryny giňden ulanýan kompaniýa önümleriniň üpjünçiliginiň geografiýasyny giňeltmek we polipropilen haltalaryň Ýewropa hem-de Günorta Amerika eksportyny ýola goýmagy maksat edinýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir