Türkiýe şu ýylyň jemleri boýunça jahankeşdelikden 55,6 mlrd dollar girdejä garaşýar, 2028-nji ýylda bolsa ony 100 mlrd dollara ýetirmegi meýilleşdirýär diýip, «Report» neşiri habar berýär. Bu barada Respublikanyň medeniýet we jahankeşdelik ministri Mehmet Nuri Ersoý «CNN Turk» teleýaýlymynda eden çykyşynda aýtdy. Ministr Türkiýäniň bu pudagy ösdürmekde uly maksatlary belländigini, şol sanda ýurda jahankeşdeleriň tutuş ýylyň dowamynda gelmegi üçin çäreleriň göz öňünde tutulýandygyny nygtady. Ol 2028-nji ýylda girdejileri 100 mlrd dollara ýetirmek maksadynyň amala aşarlykdygyny aýtdy. 2022-nji ýylda Türkiýä 44,6 mln jahankeşde geldi we pudagyň girdejisi 46,4 mlrd dollara deň boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir