Türkmen wekiliýeti Özebgistanyň Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky strategiki dialog» temasy boýunça geçirilen bilermenleriň forumyna gatnaşdy. Bu barada «UzA» habar berýär. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryşy akademiýasynda geçirilen foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň Özbegistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, sebitiň ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň barlag-seljeriş, ylmy-gözleg edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bilermenler forumynyň dowamynda Merkezi Aziýadaky häzirki ýagdaý, ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi we taraplaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegi ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýeri gelende ýatlatsak, 1-nji noýabrda Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň daşary işler ministrleriniň 16-njy mejlisi geçirilipdi. Şol mejlis «Merkezi Aziýada we Koreýa Respublikasynda durnukly geljegi üpjün etmekde ýaşlaryň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk» atly tema bagyşlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir