«Azerbaýjan demirýollary» ÝGPJ-niň golçur kärhanasy «ADY Container» «COSCO Shipping Lines» bilen hyzmatdaşlykda Aktau (Gazagystan), Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Konstanta (Rumyniýa) portlaryny birleşdirýän täze konteýner hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada «News Central Asia» ýazýar. Bu hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda has çalt, has netijeli ýoly hödürläp, sebitleýin söwda we ulag pudagynda möhüm ösüşi alamatlandyrýar diýlip, habarda bellenilýär. Ylalaşyga laýyklykda, «ADY Container» Aktau we Türkmenbaşy şäherlerinden Hazar deňziniň üsti bilen Gruziýanyň Poti portuna demirýol gatnawyny ýola goýar. Poti şäherinden «COSCO Shipping Lines» konteýnerleri deňiz arkaly Konstanta daşamagy amala aşyrar. «COSCO Shipping Lines» — Hytaýyň halkara konteýner ýük daşaýyş kompaniýasydyr. Ol Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki «COSCO Shipping» kompaniýasyna degişli bolup, dünýädäki iň uly 10 konteýner operatorynyň biridir. Bu täze ugur birnäçe artykmaçlygy hödürleýär: tranzit wagtynyň azalmagy; Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň esasy bazarlaryny birleşdirýär; has çalt alternatiw ugry hödürleýär; ugur ygtybarly we tygşytly logistika çözgüdini üpjün edýär. Bu başlangyç «Hazar deňzi — Gara deňiz» halkara üstaşyr ulag ýoly taslamasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir