Abu-Dabi şäheri dünýäniň dürli ýerinden bolan milliarderleriň arasynda barha meşhurlyk gazanýar. Bu barada «Bloomberg» neşiri habar berdi. Netijede, dünýäniň baý adamlarynyň onlarçasy öz maýalaryny ýörite kompaniýalary döretmek arkaly, Abu-Dabä geçirdiler diýip, neşir ýazýar. M/HQ konsalting kompaniýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, häzir Abu Dhabi Global Market (ADGM) erkin zolagynda we maliýe merkezinde şeýle kompaniýalaryň 5 müňüsi ýerleşýär. 2016-njy ýylda olaryň sany 46-dy. Abu Dhabi Global Market (ADGM) erkin zolagy milliarderleriň maýalaryny daşary ýurt hukuk täsirlerinden hem-de iki gezek salgytdan goraglylygy bilen özüne çekýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir