Ýetip gelýän Täze ýylyň bosagasynda Aşgabatdaky «Bossan Concept» dükanlary — ýakynlaryna, dost-ýarlaryna hem-de kärdeşlerine ýokary hilli we hemişelik ýatda galjak sowgatlary gözleýänler üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Bu ýerde giň haryt görnüşleriniň hatarynda bezeglikler, gap-gaçlar, öý we jaýlar üçin aksessuarlar, şeýle-de dürli hili Täze ýyl harytlary alyjylara ýetirilýär. Adaty däp bolşy ýaly, sowgatlary arçanyň astynda goýmak bolýar. «Bossan Concept» dükanynda hödürlenýän sowgatlyklar munuň üçin örän göwnejaýdyr. Ýokary hilli materialdan ýasalan, gür şahalar hem-de emeli gar bilen bezelen Täze ýyl arçasyna bolsa dükanda şu aýyň ahyryna çenli dowam etjek baýramçylyk aksiýasy dowam edýär. Bulardan başga hem, «Bossan Concept» dükanlaryndan yşykly diod çyralaryny, dürli ölçegli, göwrümli hem-de reňkli arça jäjeklerini satyn alyp bilersiňiz. Olaryň kömegi bilen bolsa öýde gaýtalanmajak baýramçylyk gurşawyny örän ýeňillik bilen döretmek bolýar. Aşgabatdaky «Bossan Concept» dükanlary şu salgylarda ýerleşýär: «Dürdäneli» söwda merkezi, Mollanepes köçesi, 27-nji jaý; «Aşgabat» söwda merkezi, S.Seýdi köçesi, 55-nji jaý; «Gül zemin» söwda merkezi, «Şerbet» dükany. Telefon belgileri: +(993 65) 72 60 60, (+993 12) 41 55 54. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir