Apple kompaniýasynyň indiki tanyşdyrylyşy ýazda bolar. Häzirlikçe, kompaniýanyň täze önümleri nähili hödürlejekdigi – tanyşdyrylyş dabarasynyň çäre ýa-da ýönekeý metbugat relizi boljakdygy belli däl. Muňa garamazdan, eýýäm Mark Gurman ýene üç aýdan nämelere garaşyp boljakdygyny aýtdy. Muny wylsa.com ýetirýär. Täze iPad Pro OLED ekranlaryna geçer. Şeýle-de, kompaniýa bu ýere M3 prosessoryny goşar we Magic Keyboard bilen Apple Pencil-i üçünji nesle çenli täzelär. Gurmanyň aýtmagyna görä, olar mart aýynyň ahyrynda – aprel aýynyň başynda boljak iPadOS 17.4-üň relizi bilen birlikde satuwa çykarylar. Ýazda birbada iki iPad Air – häzirki modeliň mirasdüşeri we planşetiň diagonaly 12,9 dýuým displeýli uly görnüşi hödürlener. Bu planşetleriň M2 almagyna garaşylýar. Ýazda iki ölçegdäki MacBook Air täzelener. Esasy täzelik Apple M3 çibine esaslanýan täze ulgam bolar. Vision Pro-nyň relizi meýilnama boýunça alnyp barylýar: kompaniýa garniturany ýylyň başynda satuwa çykarar. Şeýle-de, ýylyň dowamynda tonometrli Apple Watch çykar, iPad mini täzelener hem-de ikinji we üçünji nesil AirPods-yň täzelenen modelleri çykar. Olar Lightning-iň deregine Type-C alar.