Amerikaly tennisçi Kori Gauff “Sportico” amerikan sport media kompaniýasynyň wersiýasyna görä, 2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan zenan türgenleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. 19 ýaşly Gauff 22,7 mln dollar ýyllyk girdeji bilen sanawda ilkinji gezek birinji orny eýeleýär. Şu ýyl türgen kortda 6,7 mln dollar gazandy, ýene 16 mln dollar mahabat şertnamalaryndan geldi. 2023-nji ýylda Gauff ABŞ-nyň Açyk çempionatynda ýeňiji boldy. 21,9 mln dollar girdeji bilen ikinji orny dünýäniň birinji raketkasy polşaly Iga Swýontek eýeledi, üçlügi amerika-hytaýly fristaýlçy Eýlin Gu ($20 mln) jemledi. Şeýle-de, onluga Emma Radukanu (tennis, $16 mln), Naomi Osaka (tennis, $15 mln), Arina Sobolenko (tennis, $12,2 mln), Ýelena Rybakina (tennis, $9,5 mln), Jessika Pegula (tennis, $9 mln), Simona Baýlz (gimnastika, $8,5 mln) we Nelli Korda (golf, $7,9 mln) girdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir