Amerikan kinoakademiýasy “Iň gowy wizual effektler” kategoriýasynda “Oskar” baýragy ugrunda bäsleşjek 20 filmden ybarat gysga sanawy hödürledi. Bu barada gazeta.ru habar berýär. Dalaşgärlerden üçüsi Marvel Studios-a (“Garynja adam we Ary: Kwantomaniýa”, “Galaktikanyň sakçylary. Bölüm 3”, “Kapitan Marwel 2”), ýene şonçasy Warner Bros.-a degişli – “Akwamen we ýitirilen şalyk”, “Barbi” we “Wonka”. Walt Disney Pictures kompaniýasyndan gysga sanawa “Indiana Jons we Ykbal çarhy” hem-de “Dörediji” filmleri girdi. Şeýle-de, kategoriýada Paramount Pictures-den üç film görkezilýär – “Ýerzemin we aždarhalar: Ogrularyň arasynda hormat” (Dungeons & Dragons: Honor Among Thieves), “Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl: Ölüm howply ar alyş. Birinji bölüm” (Mission: Impossible – Dead Reckoning Part One), “Transformerler: Haýwan robotlaryň aýaga galmagy” (Transformers: Rise of the Beasts). Sanawda Netflix kompaniýasyndan “Daýana Naýed”, “Pitneçi Aý: Oduň çagalary” (Rebel Moon: A Child of Fire) we “Gar jemgyýeti” bar. Mundan başga-da, gysga sanawa “Gaýykdaky ýigitler” (The Boys in the Boat), “Godzilla: Minus bir”, “Napoleon”, “Möý adam: Älem kerebi”, “Garyplar-bagtsyzlar” we “Gül Aýynyň ganhorlary” (Killers of the Flower Moon) girdi. Indiki ses berişlik 14-nji dekabrda başlar, jemleýji sanaw 23-nji ýanwarda belli bolar. “Oskar” baýragynyň 96-njy gowşurylyş dabarasy 10-njy martda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir