Gatorland tematiki seýilgähi üýtgeşik bir “eksponata” eýe boldy. Seýilgäh örän seýrek duş gelýän ak alligatory görkezdi. Ol adamyň hossarlygynda dünýä inen ilkinji alligator boldy. Bu kiçijik täsinlik indi dünýädäki beýleki ýedi indiwiduuma goşulmak bilen, saýlama toparynyň düzümine girdi diýip, ferra.ru habar berýär. Gatorland seýilgähiniň prezidenti we baş müdiri Mark Makhýu bu dünýä inişi “örän seýrek” we “örän täsin” diýip belledi. Täze dünýä inen urkaçy alligatoryň we onuň kadaly reňkli erkek doganynyň agramlary 96 gram we boýlary 100 sm-den pesräkdir. Öz albinos kärdeşlerinden tapawutlylykda, bu alligatorlar haýran galdyryjy gök gözleri bilen öwnüp bilýärler we myhmanlar ýakyn wagtda olary ýakyndan görüp bilerler. Olaryň köpçülige ilkinji gezek görkezilişi 2024-nji ýylda bolar, häzirlikçe bolsa olar weterinar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir