Samsung CES 2024-iň resmi açylyşynyň öňüsyrasynda, 8-nji ýanwarda ABŞ-da boljak bir çärä çakylyk çap etdi. Bildiriş «Hemmeler üçin AI» diýlip atlandyrylýar we bu çärede durmuşa ornaşdyrylan, esasanam, smartfonlaryň Galaxy S24 setirine girizilen emeli aň barada gürrüň ediler. Samsung-yň özi smartfonlar barada hiç zat aýtmaýar, ýöne meşhur Ice Universe insaýderi onuň özlerinden sowlup geçmejekdigine ynanýar. Ol: "Siz Galaxy S24-de AI-niň käbir aýratynlyklaryny görüp bilersiňiz" – diýip ýazdy. Kompaniýanyň ozal AI Phone we AI Smartphone söwda belliklerini hasaba alandyrandygyny ýatladýarys. Bu AI Phone-nyň Galaxy S24 bolup biljekdigi barada myş-myşlar bar. Şeýle-de bolsa, 8-nji ýanwarda Galaxy S24 setiriniň doly premýerasy bolmaz: deslapky maglumatlara görä, ol biraz soňrak, 17-nji ýanwarda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir