Russiýada oňurga ýiliginiň şikeslenmesini bejermek üçin sütün öýjükleri esasynda derman öndürildi. TASS agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Russiýa Federasiýasynyň FMBA-nyň Beýni we neýrotehnologiýa merkeziniň baş müdiri Wsewolod Belousow ýaş alymlaryň III kongresinde habar berdi. Onuň sözlerine görä, dermanyň kliniki synaglaryny 2024-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilýär. Ol sütün öýjüklerine esaslanyp işlenip düzülýär we şikes ýeten ýerdäki çişiň täsirini ýok etmäge ýa-da ep-esli azaltmaga kömek edýär. Alymlar neýromodulýasiýanyň täze derman bilen birleşmeginiň ýöremegi dikeltmekde netijelili ep-esli ýokarlandyrýandygyny anykladylar. Sütün öýjükleri ulanylyp, şeýle seriýalaýyn çykarylan dermanlar ýok, ýöne şuňa meňzeş birnäçe derman häzir kliniki synagdan geçirilýär, şol sanda Ysraýylda hem synalýar. Rus derman serişdesi bazara 2025-nji ýyldan başlap hödürlenip bilner. Belousowyň sözlerine görä, geljekde dermanyň düzüm böleklerini insulty bejermekde ulanmak meýilleşdirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir