Angliýanyň futbol boýunça Premýer-ligasy (APL) teleýaýlymlarda şöhlelendirmek hukuklary boýunça Britaniýanyň taryhyndaky iň iri şertnamany baglaşdy diýip, ýaryşyň web sahypasynda habar berilýär. «SkySports», «TNT Sports» we «BBC» bilen baglaşylan şertnama dört ýyla niýetlenendir we 2025/26-njy möwsümden güýje girýär. Liga bu döwürde hukuklar üçin 6,7 milliard funt sterling (7,8 milliard ýewro) alar. Teletomaşaçylar iki teleýaýlymyň birinden oýunlary göni ýaýlymda görmek üçin niýetlenen bäş bukjadan birini satyn alyp bilerler. Angliýanyň çempionatynyň oýunlarynyň köpüsi «SkySports-da» ýaýlyma berler, «BBC-de» bolsa oýunlaryň wideoýazgylary we iň täsirli pursatlary mugt elýeterli bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir