Ispaniýanyň «Sewilýa» futbol kluby resmi web sahypasynda häzirki meýdançasy bolan «Ramon Sançes-Pishuanyň» ornunda gurulmagy meýilleşdirilýän täze stadionyň taslamasyny tanyşdyrdy. Taslama duşenbe güni klubyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynda hödürlendi. Täze meýdança 1958-nji ýylda açylan köne stadion ýykylandan soň, öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly gurlar. Täze stadionyň sygymynyň 55 müň orna çenli artdyrylmagyna, gereksiz basgançaklaryň aýrylmagyna we awtoulag duralgasynyň ep-esli giňelmegine garaşylýar. Soňky ýyllarda stadion takmynan 43 müň tomaşaçyny kabul edýärdi. Sport desgasynyň gurluşygynyň başlanjak takyk wagty kesgitlenmedi. «Ramon Sançes-Pishuan» stadiony 1958-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda «Sewilýa» bilen «Real Haeniň» arasyndaky ýoldaşlyk oýny bilen açyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir