Stenford uniwersitetiniň Lukmançylyk merkeziniň hünärmenleri kelleçanak-beýni şikeslenmesini alan we beýni implantasiýa operasiýasyny geçiren hassalarda intellektual ukyplaryň üstünlikli dikeldilendigini habar berdiler. Barlaglaryň dowamynda, 3 – 18 ýyl ozal orta we agyr derejeli kelleçanak-beýni şikeslenmesini alan 22 – 60 ýaş aralygyndaky alty hassanyň beýnisine implant ýerleşdirildi. Talamusyň merkezi gapdal ýadrosy (CL) we oňa bagly medial dorsal tegmental trakt (DTTm) ýaly beýni zolaklaryny işjeňleşdirmek üçin elektrodlar oturdyldy. Talamusyň merkezi gapdal ýadrosy talamusyň bir bölegi bolup, aňyň derejesini kadalaşdyrmakda möhüm ähmiýeti bolan we signallary ýaýratmak üçin nokat bolup hyzmat edýän beýniniň bir bölegidir. Enjam 90 günüň dowamynda günde 12 sagat işledildi. Näsaglar ünslülik, konsentrasiýa we meýilnamalaşdyrmak boýunça adaty synaglardan geçdiler. Bejergi döwri gutarandan soň, harplaryň we sanlaryň toplumyny birleşdirýän çyzgylary çekmek synagynyň tizligi, ortaça, 32 göterim gowulandy. Bu garaşylan 10 göterimden has ýokarydyr. Hassalar kitap okamak, telewizora tomaşa etmek, wideo oýunlary oýnamak ýa-da öý işini etmek ýaly ozal mümkin däl hasap edilen gündelik işlerini gaýtadan edip başladylar. Olar işjeňligi artyp, gündizi ukusyz geçirip bildiler. Barlagyň ahyrynda hassalaryň biriniň enjamy öçürildi (onuň özüniň razyçylygy bilen). Netijede, ol çyzgylary çekmek synagyny 34 göterim haýal ýerine ýetirdi. Bu bolsa täze çemeleşmäniň netijeliligini subut edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir