Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin täze, bäşinji prezidentlik möhletine dalaş etjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Saýlawlary 2024-nji ýylyň 15-17-nji martynda geçirmek meýilleşdirilýär. Putiniň döwlet baştutany hökmünde häzirki ygtyýarlyklary 2024-nji ýylyň 7-nji maýynda tamamlanýar. Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw komissiýasy ozal 2024-nji ýylda Russiýanyň prezident saýlawlaryny üç günüň içinde - 15-nji martdan 17-nji mart aralygynda geçirmek barada karar kabul edipdi. Saýlawlarda ýeňiş gazansa, Putin bäşinji gezek Russiýa baştutanlyk eder. Ol ilkinji gezek 2000-nji ýylda prezident bolupdy, dört ýyl soň bolsa ikinji möhlete saýlandy. Putin 2008-2012-nji ýyllar aralygynda premýer-ministriň wezipesini eýeledi, şol wagt prezident Dmitriý Medwedewdi. 2012-nji ýylda Putin ýene-de döwlet baştutany wezipesini aldy we 2018-nji ýylda gaýtadan saýlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir