Oktýabr aýynda Özbegistan dünýäniň iň iri altyn satyjylarynyň arasynda öňdeligi eýeledi diýip, Trend habar berýär. Esasy satyn alyjy Hytaýyň Halk Banky (23 tonna), ondan soň Türkiýäniň Merkezi Banky (19 tonna) we Polşanyň Milli Banky (3 tonna) boldy. Özbegistan gymmat bahaly metalyň iň iri satyjysy boldy - 11 tonna. Ondan soň 2 tonna altyny ýerlän Gazagystan gelýär. Oktýabr aýynda dünýäde altyn satuwynda öňdebaryjydygyna garamazdan, Özbegistan altyn ätiýaçlyklaryny 339 tonna çenli azaltdy. Oktýabr aýynda Özbegistandan 1,23 milliard dollarlyk altyn eksport edildi we 10 aýyň içinde bolsa eksport rekord 6,87 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,3 esse ýokary. Ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistanyň Merkezi Banky 0,7 million troy unsiýa satdy, bu bolsa 21,7 tonna altyndyr .

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir