Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu karýerasyndaky ýokary derejedäki 1200-nji oýnuna gatnaşdy. Ýubileý oýny Saud Arabystanynyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde «Al-Riýad» toparyna garşy duşuşyk boldy. «Al-Nasr» 4: 1 hasabynda ýeňiş gazandy, Ronaldu bu oýunda bir pökgi geçirip, bir ýardam pasyny berdi. Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasynyň (IFHHS) habaryna görä, Ronaldo bu derejä ýeten ilkinji meýdança oýunçysydyr. Şol bir wagtyň özünde, ol gatnaşan duşuşyklarynyň sany boýunça dünýä futbolynda üçünji oýunçy boldy. Diňe derwezebanlar Piter Şilton (1217 oýun) we Rožerio Seni (1225 oýun) karýeralarynda ondan has köp duşuşyga gatnaşdylar. 2023-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň oýunçysy boldy we şertnama boýunça ýylda 200 million ýewro alýar. Geçen möwsüm ol Saud Arabystanynyň çempionatynda 16 oýna gatnaşyp, 14 pökgi geçirdi we 2 ýardam pasyny berdi. 12-nji awgustda Ronaldu «Al-Nasryň» düzüminde ilkinji baýragyna – Arap çempionlarynyň kubogyna eýe boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir