«Liwerpulyň» müsürli hüjümçisi Mohamed Salah, marokkoly Açraf Hakimi (PSŽ) we nigeriýaly Wiktor Osimhen (Napoli) geçen möwsümiň iň gowy afrikaly futbolçysy diýen ada dalaşgärlige hödürlendi diýip, Afrika futbol konfederasiýasynyň (CAF) resmi web sahypasynda habar berilýär. «CAF Awards 2023» baýragynyň gowşurylyş dabarasy 11-nji dekabrda Marokkanyň Marakeş şäherinde geçiriler. Salah bu baýraga 2017-nji we 2018-nji ýyllarda mynasyp bolupdy; geçen ýyl bolsa Senegalyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Sadio Mane iň gowy diýlip ykrar edildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir