«Honda Motor» awtoulag konserni ýangyç ulgamyndaky näsazlyklar sebäpli içerki bazarda satylan 1 milliondan gowrak ulagy yzyna çagyrmak kararyna geldi. 2017-nji ýylyň iýun aýyndan 2020-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli satylan 25 dürli modele degişli jemi 1,13 million ulagyň yzyna çagyryljakdygy bellenilýär. Ýangyç nasosy bilen baglanyşykly näsazlyklar motoryň öz-özünden öçmegine sebäp bolup biler. Şu güne çenli Ýaponiýanyň Ulag ministrligine görkezilen modellere degişli 394 sany ulagyň hereketlendirijisiniň öz-özünden öçendigi mälimdir, ýöne bu näsazlyk bilen baglanyşykly ýol-ulag heläkçiliginiň ýokdugy bellenilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir