Katar Döwletiniň paýtagty Dohada geçirilen «Gran Pri II» agyr atletika ýaryşynda türkmen agyr atletikaçysy Gaýgysyz Töräýew bürünç medal gazandy. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasy habar berýär. 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlama ýaryşlarda türkmen atleti 150 - 188 - 338 kilogram görkeziji bilen çykyş etdi. Ondan öň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ikinji ýeri eýeledi. Ýaryşyň kümüş medalyny indoneziýaly türgen Rahmat Erwin Abdullah, altyn medalyny bolsa Koreýa Halk Demokratik Respublikasyndan Ri Çong Seong eýe boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir