Apple-iň baş direktory we milliarder Tim Kuk gününi nädip başlaýandygyny we bu endikleriň onuň özüni duýuşyna we üstünligine nähili täsir edýändigini paýlaşdy. Kuk her gün irden e-poçtasyny barlaýar we müşderileriň hem-de işgärleriň hatlaryny okaýar. Bu hakykatdanam möhüm zatlara ünsi jemlemäge kömek edýär. Soňra sport zalynda bir sagatlyk türgenleşik geçýär. Türgenleşik wagtynda hiç hili işe, telefon söhbetdeşligine ýa-da başga zatlara ünsüni sowmaýar. Kuk edýän işleriňize maksadaokgunly çemeleşmegi maslahat berýär. Mysal üçin, saglygyňyza üns berýän bolsaňyz, ünsüňizi sowmazlyk üçin telefonyňyzy sumkanyňyzda galdyrmaly. Sebäbi ertiriňizi nähili başlaýşyňyz günüň galan bölegine öz täsirini ýetirýär ahyry. Bu siziň ymtylýan islegiňizi we maksadyňyzy kesgitleýär. Ol gününi kompaniýanyň önümleriniň müşderilere ýetirýän täsirini we önümleriň hasam gowulaşmagy üçin işgärleriň haýsy çözgütleri teklip edýändiklerini bilmek üçin e-poçtany okamakdan başlaýar. Kuk muny her bir lidere maslahat berýär we toparyňyz hem-de müşderileriňiz bilen aragatnaşyk saklamagyň bir usulydygyna ynanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir