«Mersedes-Benz» doly derejede dolandyrylýan şassisi bolan «Mersedes-AMG CLE 53» kupesini tanyşdyrdy. 4 sekuntda 100 km/sag tizlige ýetip bilýän awtoulagyň öňdäki tekerleri hem, yzky tekerleri hem öwrülmäge ukyplydyr. Sagatda 100 km tizlikde öwrüm edilende, yzky tekerler öňdäki tekerleriň öwrümine ters tarapa iň köp 2,5 gradus sowulýar. Bu ulagyň has sazlaşykly hereket etmegine we rula düşýän agramyň azalmagyna kömek edýär. Sagatda 100 km-den ýokary tizlikde öwrüm edilende. yzky tekerler öňdäkiki tekerler bilen bir tarapa öwrülýär, ýöne bary-ýogy 0,7 gradus. Bu awtoulagyň durnuklylygyna oňyn täsir edýär diýip, «Mersedes-Benz» düşündirýär. Iki gapyly «C-Class» we «E-Class» ulaglarynyň ornuny tutýan täze kupeniň kapotynyň aşagynda üç litrlik turbo görnüşli alty silindrli hereketlendiriji oturdyldy. On 443 at güýji kuwwat we aýlaw pursatynda 550 Nm öndürýär. Bu görkeziji 12 sekundyň dowamynda 600 Nm çenli ýokarlandyrylyp bilner. Ulagyň motory 9 basgançakly awtomatiki geçiriş gutusy bilen işleýär. «Mersedes-AMG CLE 53» üçin ähli tekerleri hereketli ulgam göz öňünde tutulandyr.