Interýeriňize rahatlyk we özboluşly bezeg berjek stilli mebelleri hem-de original aksessuarlary gözleýärsiňizmi? Onda siziň hökman Aşgabatda ýerleşýän «Vivense» dükanyna baryp görmegiňiz gerek. Dükanda 31-nji dekabra çenli Täze ýyl aksiýasy dowam edýär: bu ýerden islendik harydy 40-50% arzan bahalardan satyn alyp bilersiňiz. «Vivense» dükany Türkiýäniň loft hem-de minimalizm stilindäki ýokary hilli mebelleriniň giň haryt görnüşlerini hödürleýär. Assortimentde otaglar we aşhana üçin niýetlenen ýumşak hem-de göwrümli mebeller, şeýle-de aýnalar, küýzeler, heýkeljikler we beýleki aksessuarlar bar. «Vivense» mebelleri hil taýdan mäkämligi we her bir düzüm bölege üns berilýändigi bilen tapawutlanýar. Olar ekologik taýdan arassa materiallardan taýýarlanylyp, uzak ýyllar ulanmaga hyzmat edýär. Kompaniýa müşderileriň öz harytlaryny wagtynda hem-de gurat ýagdaýda almagy üçin tiz we ygtybarly eltip bermek hyzmatyny ýetirýär. Dükan şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (Obýezdnoý), «Timar» binasy. 2-nji gat. Telefon belgileri: (+993 65) 62 61 87, (+993 61) 72 13 98. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir