Türkmenistan 2023-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda Täjigistana nebit önümlerini iň köp eksport eden ýurtlaryň arasynda üçünji orny eýeledi. Bu barada Täjigistanyň Monopoliýa garşy göreşmek edarasy habar berdi. Habarda bellenilmegine görä, şu ýylyň ilkinji alty aýynda Täjigistan 442 tonna nebit önümlerini import edipdir. Şonuň 19,5 müň tonnasy ýa-da 4,4 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär. Şeýlelikde, Türkmenistan Täjigistanyň nebit importynda üçünji basgançakdan orun aldy. Bu ugurda ýurda getirilen daşary ýurt nebit önümleriniň 85,4 göterimini üpjün edýän Russiýa birinji ýeri eýeleýär. Birinji ýarymýyllykda 23 müň tonna nebit önümlerini täjik bazaryna iberen Gazagystan bolsa ikinji orna ýerleşipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir