2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiligini 9%, senagat önümçiligini 9,4% ýokarlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Batyr Atdaýew tarapyndan mälim edildi diýip, TDH habar berdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgininiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,7 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgininiň bolsa 100,7 göterime barabar bolandygyny belläp geçdi. «Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah matalaryň öndürilişi 107,1 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişi 104,5 göterime, gön önümleriniň öndürilişi 100 göterime deň boldy. Şu ýylyň on bir aýynda 444 million 974 müň manatlyk maýa goýumlar özleşdirildi» diýlip, wise-premýeriň hasabatynda aýdylýar. Mundan başga-da, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasynyň 103,9 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýylyň başyndan bäri 275 sany birža söwdasy geçirilip, 27 müň 762 sany şertnama hasaba alyndy diýlip, hasabatda nygtalýar. Söwda we senagat edarasy tarapyndan hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 109,9% boldy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 26 sergi we 78 forum geçirildi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, halkyň uly isleg bildirýän harytlarynyň möçberini artdyrmagy dowam etdirmegiň, ýurduň bazarlarynda we söwda merkezlerinde, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümleriň, harytlaryň bol we elýeterli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.