Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtinginde geçen möwsümdäki derejesinden ýokary galdy. 2022/2023-nji ýyllaryň futbol möwsüminde klublaýyn ýaryşlarda türkmen toparlary umumylykda 2,643 utuk toplap bilen bolsalar, şu möwsümde henize çenli toplanan utuk 2,744-e ýetdi. Türkmen toparlarynyň soňky sekiz möwsümde umumy toplan utugy bolsa 19,497-ä ýetýär. Häzir umumy sanawda 19-njy, günbatar sebitde bolsa 11-nji orny eýeleýän Türkmenistan möwsümi şu orunda tamamlasa, 2025 ― 2026-njy ýyllaryň futbol möwsüminde AFK-nyň ýaryşlaryna iki topar gatnaşdyryp biler. Şol möwsümde ýurduň çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-ä gatnaşmak üçin saýlama duşuşyklary geçirmeli bolar. Ýurduň Kubogyna mynasyp bolan ýa-da çempionatda ikinji orny eýelän topar bolsa AFK-nyň Çagyryş kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda ýaryşar. Çempionlar ligasy ― 2-niň toparçalaýyn tapgyrynda hiç hili saýlama duşuşyksyz ýaryşmak üçin Türkmenistanyň günbatar sebitde azyndan 10-njy basgançaga göterilmegi gerek. Eger 14-nji dekabrda AFK-nyň kubogynyň çäginde «Altyn asyr» bilen «Merwiň» ikisi hem ýeňiş gazanyp bilse, muňa mümkinçilik dörär. Çünki AFK bu ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda gazanylan her bir ýeňiş üçin 1 utuk berýär. Günbatar sebitde 10-njy orny eýeleýän Hindistanyň 21,427 utugy bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir