Her ýylky däbe görä, 15-nji dekabrda «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýerleşýän ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçiriler. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär. Dabara agşam 18:00-da başlar. Şol gün Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň tolkuny bilen Baş arçanyň dürli bezegli yşyklandyryjylary reňbe-reň görnüşde şöhle saçar. Mundan başga-da, şäherleriň obalaryň meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl agaçlarynyň hemmesiniň yşyklary ýakylar. Şu günler «Älem» medeni dynç alyş merkeziniň meýdançasynda ýerleşdirilýän Baş arçanyň ýokarsyndaky sekiz burçly ýyldyzyny hasaba alanyňda, onuň beýikligi 43 metre deňdir. Deňeşdirme hökmünde seredilende, ol on gatly bina meňzeýär. Şonuň üçin çyralar ýakylansoň, şäheriň köp ýerlerinden esasy gözelligi görüp bilersiňiz. Ýeri gelende belläp geçsek, şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk bezegleri oturdylýar. Şäherler we obalar kem-kemden Täze ýyl ertekisini ýadyňa salýar. Meýdançalardaky, ýollardaky arçalar dürli yşyklar, erteki gahrymanlarynyň onlarça şekilleri, şeýle hem nepislik bilen ýerine ýetirilen milli bezegler baýramçylyk äheňine many çaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir