Ýerarmyt — watany demirgazyk Amerika bolan çylşyrymly güller maşgalasyna degişli köpýyllyk ösümlik. ony ýerli ýaşaýjylar has gadymdan bäri iýmit üçin ulanyp, adyna «tapinambo» diýýärler. Şonuň üçin ony dünýäniň köp ýurtlarynda tapinambur diýip atlandyrýarlar. Bu ösümlik XVI asyrda ilkinji gezek Fransiýa, Angliýa ýaly Ýewropa ýurtlaryna aralaşyp, iýmit hökmünde köptaraplaýyn peýdalanylyp başlanylýar. Tapinambur özüniň ýakymlylygy, tagamlylygy, bereketliligi bilen örän tiz wagtda bütin Ýewropa ýaýrap, XVII asyrda Orta Aziýa sebitlerine gelip ýetýär. Ilki-ilkiler Russiýada ony derman üçin ulanypdyrlar. Soňabaka ol köp öndürilip, gök iýmit hökmünde peýdalanylyp başlanýar. Onuň bir gowy tarapy, toprak, ýer, ýurt dannamaýar. Diňe bir maýyllyk ýa-da çygly howalarda ösmek bilen çäklenmän, ol Sibiriň howa şertlerinde-de gögerip ýetişýär. Tapinamburyň ýeralma çalymdaş ýerasty miweleri ap-ak, ak goňursow reňkli, ululy-kiçili bolup, käbirleriniň hakykatdan hem armyda meňzäp duranlary-da bar. Ony çigligine hem iýilýändigi üçin «ýerarmydy» diýip atlandyrypdyrlar. Eger-de ýerarmydyny saklamaga ýöriteleşdirilen jaý ýa-da saraý bolmasa, onda indiki ýyl tohumlyk üçin ekiljek ýerarmydy biten ýerinden gazyp alman, şol ýeriň özünde goýaýmaly. Onsoň gyşyň ahyrragyndaky maýyl günlerde ýerden gazyp alyp, şol wagt hem ekiljek ýerlere arkaýyn ekibermeli. Ýerarmyt himiki düzümi boýunça ýeralma örän ýakyndyr. Emma iýmit hökmünde ondan pesräkdir. Onuň düýplerinde köp mukdarda polisaharidiň we inuliniň bolmagy adam saglygy üçin has-da peýdalydyr. Ol gaýnadyp, oda gömüp, ýaga gowrup ýa-da daglap, buglap, çüýşe gaplarda duzlap (konserw) ulanylsa-da, örän peýdalydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir