Apple kompaniýasy asyl iPhone SE-ni hem-de beýleki birnäçe gajeti wintaž we könelişen gurluşlaryň sanawyna goşdy. Bu barada Apple Insider portalyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Wintaž gurluşy statusy bäş ýyldan gowrak wagt ozal önümçilikden aýrylan gurluşlara berilýär. Ilkinji iPhone SE resmi satyn alyş üçin 2018-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli elýeterli bolupdy. Bu smartfon 2016-njy ýylyň ýazynda hödürlendi we ol belli bir döwürde meşhur boldy. Şeýle-de, Apple wintaž önümleriň hataryna şulary goşdy: ikinji nesliň 12,9 dýuýmlyk iPad Pro-sy hem-de Beats Solo3 Wireless simsiz nauşnikleriniň Mikki Mausyň 90 ýyllygy mynasybetli hödürlenen ýörite nusgasy. Mundan başga-da, Powerbeats 2 we Solo2 Wireless nauşnikleri resmi taýdan könelişen diýlip ykrar edildi, sebäbi olaryň satuwy ýedi ýyldan gowrak wagt ozal bes edildi. Wintaž gurluşy statusy şeýle gurluşlary Apple-iň ygtyýarly hyzmat merkezlerinde ätiýaçlyk şaýlarynyň ýokdugy sebäpli abatlamagyň mümkin däldigini aňladýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir