Superkompýuter 10 müň oýun simulýasiýasyny geçirip, häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynyň ýeňijisini aýtdy. Muny Tengri Sport ýetirýär. Ýaryşyň ýeňiş gazanmaga ýakyn toparlary Angliýanyň “Mançester Sitisi” we “Arsenaly”, şeýle-de Germaniýanyň “Bawariýasy” boldy. “Kubogy almaga “Mançester Sitiniň” mümkinçiligi has ýokary, klub ýaryşyň esasy faworiti hasaplanýar. Superkompýuteriň seljermesine görä, bu toparyň ýeňiş gazanmak ähtimallygy 38,9 göterime barabar. Reýtingiň ikinji ornunda Mýunheniň “Bawariýasy” ýerleşýär (10,9 göterim), onuň yzyndan Londonyň “Arsenaly” gelýär (8,7 göterim). ÇL-de gazanan kuboklarynyň sany boýunça rekord eýesi bolan Madridiň “Realy” dördünji orny eýeleýär. Italiýanyň “Inter” kluby bäşligi jemleýär” – diýip, Vesti.kz saýty belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir