“Forbes” žurnaly dünýäniň iň abraýly bäş zenany atlandyrdy. Reýtingde birinji orny Ýewrokomissiýanyň başlygy Ursula fon der Lýaýen eýeledi diýip, TASS habar berýär. Ikinji orunda Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagard, üçünji orunda ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris ýerleşdi. Italiýanyň premýer-ministri Meloni dördünji boldy, bäşligi amerikaly aýdymçy Teýlor Swift jemledi. Reýting düzülende “baýlyk, HBS-e täsir, jemgyýetçilik pikirine we syýasata täsir” ýaly görkezijiler göz öňünde tutuldy. Öň, “Financial Times” britan gazeti ýylyň iň görnükli 25 zenanynyň sanawyny hödürläpdi. Sanawa, hususan-da, Margo Robbi, Beýonse we Ursula fon der Lýaýen girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir