Amerikaly aktrisa Anjelina Joli «Malefisenta» filminiň üçünji bölüminiň üstünde işlenilýändigi barada aýtdy. Ol bu barada «The Wall Street Journal» gazetine beren interwýusynda habar berdi. Öňki bölümlerde baş keşbi janlandyran aktrisa «Disney» studiýasynyň filmi döretmäge girişendigini belledi, ýöne täze taslamanyň sýužetiniň aýratynlyklary we çykjak senesi barada maglumat bermedi. Malefisenta baradaky birinjiwe ikinji filmler 2014-nji we 2019-njy ýyllarda çykyp, degişlilikde, kassa ýygymynda 759 million we 491 million dollar gazandylar. Filmler erbet jadygöý Malefisentanyň döreýşi baradaky rowaýatlara esaslanýar, onuň gargyşy bilen Awrora atly şagyzy (taslamada onuň keşbini El Fanning ýerine ýetirdi) barmagyna çiş çümdürip, ebedi uka gidýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir