Counterpoint Research analitik agentligi 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde dünýä bazarynda smartfon satuwy baradaky statistikany hödürledi. Satylan gurluşlaryň sany boýunça lider iPhone 14 boldy diýip, Revegnus insaýderi X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. iPhone 14 smartfonynyň 2022-nji ýylyň güýzünde satuwa çykarylandygyna garamazdan, smartfon eýýäm yzygider üçünji çärýek bazaryň lideri ornuny saklamagy dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde, iPhone 14 Pro Max we Pro, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýeleýär. Esasy iPhone 13 modeli üçünji orunda ýerleşdi. Iň köp isleg bildirilen Android gurluşy arzan Samsung Galaxy A14 4G boldy, ol umumy sanawda bäşinji orny eýeledi. Reýtingiň indiki orunlaryny Samsung Galaxy A14 5G, Galaxy A54 we Galaxy 04e paýlaşdy. Dokuzynjy orunda Redmi 12C, onlugy bolsa Galaxy A34 jemleýär. Analitikleriň maglumatlaryna görä, bu on model hasabat döwründe dünýäde smartfon satuwynyň umumy göwrüminiň 19%-ini emele getirdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir