«Real Madridiň» braziliýaly futbolçysy Winisius Žunior BMG-niň Adam hukuklary boýunça ilçisi bolandygyny aýtdy. «Meniň üçin bu ýyl sportda we jemgyýetde ýüze çykýan ters düşünjäni ýok etmek üçin entek uzak ýoluň geçilmelidigini aç-açan ýatlatdy. Meniň pikirimçe, jynsparazlyga garşy bilim bütin dünýäde deňligi we adam hukuklaryny ilerletmek ugrundaky tagallalarymyzyň merkezinde bolmalydyr. Şonuň üçin men BMG-niň Adam hukuklary boýunça ilçisi hökmünde täze wezipämi yglan edýändigime diýseň begenýärin. Bu wezipäni buýsanç, tolgunmak we jogapkärçilik bilen ýerine ýetirerin. Geliň, sporty jynsparazlykdan we hukuklary kemsitmekden azat, hakyky dostlugyň nusgasyna öwüreliň. Bir ýere jemlenmek üçin pusat geldi» diýip, Winisius «X» sosial ulgamynda ýazgyny paýlaşdy. Winisius 23 ýaşynda. Ol 2018-nji ýylda Braziliýanyň «Flamengo» toparyndan «Real Madride» geçdi. Toparyň düzüminde Winisius Ispaniýanyň iki gezek çempiony, ýurduň Kubogyň eýesi, Ispaniýanyň Super kubogynyň iki gezek eýesi, Çempionlar ligasynyň, UEFA-nyň Super kubogynyň we klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir