2023-nji ýylda ählumumy kömürturşy gazynyň zyňyndy derejesi hasam ýokarlanar. Bu barada The Guardian ýazýar. 2023-nji ýylda, 2022-nji ýyla garanyňda, 1,1% köp kömürturşy gazynyň atmosfera düşjekdigi we atmosferada bu gazyň mukdarynyň 40,9 gigatona ýetjekdigi habar berilýär. Global uglerod taslamasynyň gözlegçileriniň maglumatlaryna görä, atmosferada kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň artyş depgini soňky on ýylda haýallady, ýöne bu artmak ýagdaýy saklanmady. Şol bir wagtyň özünde, awiasiýa ýangyjynyň atmosferada galdyrýan zyňyndylarynyň köpelmeginiň fonunda howadaky kömürturşy gazynyň mukdaryny artdyrýan beýleki faktorlaryň arasynda durnuksyz ekerançylygyň we tokaýlaryň çapylmagynyň netijeleriniň paýy birneme azalýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir