Porsche kompaniýasy täze dünýä rekordynyň goýlandygyny mälim etdi: Porsche 911 öz maýdalyna 6734 metr kötele çykmagy başardy, bu netije beýleki islendik awtoulagyňkydan ýokarydyr. Munuň üçin ony täzeden düýpli gurnamaly boldy we beýige galyşyň özi iki hepde dowam etdi. Öňki 6694 metrlik rekord hem şu ýerde, Çiliniň Ohos-del-Salado ýanardagynyň eňňidinde iki sany Unimog wnedorožniginiň kömegi bilen goýlupdy. Rekord goýmak üçin iki sany “Porsche 911” wnedorožnigi öndürildi, olaryň biri goldaw ulagy hasaplandy. Bularyň ikisine-de portal köprüler we ullakan ýol tekerleri berildi, bu bolsa ony ýerden 350 millimetre çenli ýokary galdyrdy. Şeýle-de, sport awtoulaglary aramid süýüminden ýasalan gizlin gorag bilen hem enjamlaşdyryldy. Klimata uýgunlaşmak zerurlygy sebäpli rekord goýýan topara ýokary çykmak üçin iki hepde gerek boldy (ätiýaçdan topara iki lukman goşuldy). Mundan hem başga, ugruň soňky tapgyrlarynda ýanardag külünden dörän harsaňlaryň, çagyllaryň we meýdanlaryň arasyndan ýol salmak aňsat düşmedi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir