«Xiaomi» kompaniýasynyň golçur kärhanasy «Redmi» uly diagonaly we 120 Hz matrisasy bolan täze arzan «Redmi A75 2024» telewizorynyň satylyp başlanandygyny habar berdi. «Redmi A75 2024» telewizory 4K durulykgy we 120 Hz şekil täzeleniş tizligi bolan 75 dýuýmlyk panel bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa şekiliň ýokary takyklygyny üpjün edýär. Şeýle aýratynlyklar telewizory oýun enjamy hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem «Delta E» reňki şöhlelendirmek takyklygynyň 2-den pesdigi bellenilýär. Enjamyň öndürijiligine «Arm Cortex-A35» ýadrosy bolan prosessor, şeýle hem 2 GB operatiw ýat we 32 GB goşmaça ýat jogap berýär. Telewizor iki zolakly Wi-Fi goldaýar we hersiniň kuwwaty 10 Wt bolan iki dinamik bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem telewizorda HDMI, USB we Ethernet ýaly birnäçe port göz öňünde tutulandyr. «Redmi A75 2024-iň» Hytaýdaky bahasy 2999 ýuana (419 dollar) deňdir, bu bolsa ony öz ugrunda meňzeş aýratynlyklary bolan enjamlaryň arasynda iň amatly telewizorlaryň birine öwürýär. Enjam 30-njy noýabrda satuwa çykaryldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir