Inguşetiýadan on ýaşly Abdul-Rahman Getagazow oturyp-turmak maşky boýunça ilkinji dünýä rekordyny goýdy. Ol dört sagadyň dowamynda 7743 gezek oturyp-turdy. «Abdul-Rahman Getagazow 10 ýaşynda. Ol çagalygyndan sport bilen meşgullanýar, erkin göreşe gatnaýar. Olýedi ýaşyndaka oturyp-turmak maşky bilen gyzyklanyp başlady we bu maşky wagt tutup ýerine ýetirýärdi. Ol üç ýylyň dowamynda tehnikasynyň we çydamlylygynyň üstünde işläp, dünýä rekordyna taýýarlanyp başlady. Oglanjyk üç sagadyň dowamynda 5900 gezek oturyp-oturmak bilen, resmi däl ýagdaýda rekordyň eýesi boldy. Ýerli restoranyň we stomatologiýa merkeziniň goldaw bermeginde Abdul-Rahman resmi taýdan rekord goýdy. Hünärmenler we bilermenler bu maksat bilen Respublika geldiler we täze dünýä rekordyny hasaba aldylar – oglanjyk dört sagatda 7743 gezek oturyp-turdy» diýlip, Inguşetiýanyň hökümetiniň «Telegram» kanalynda bellenilýär. Bütindünýä rekordlar klubynyň prezidenti Stanislaw Konenko munuň oturyp-turmak maşky boýunça ilkinji dünýä rekordydygyny aýtdy. «Häzirki wagtda beýle rekord ýok, ol ilkinji gezek goýulýar. Bu adam bedeniniň aşa ýokary mümkinçilikleridir» diýip, belledi. Çäräni gurnaýjylar ýaş türgene awtoulag sowgat berdiler, ol bolsa sowgady kakasyna berdi. «Abdul-Rahman bu üstünliginde saklanmak islemeýär we indi press maşky boýunça rekord goýmagy maksat edinýär» diýip, Inguşetiýanyň hökümetiniň habarynda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir