13-nji noýabrda Scaglietti-niň 1962-nji ýylda öndüren Ferrari 330 LM / 250 GTO-sy Nýu-Ýorkdaky RM Sotheby’s auksionynda 51,7 million dollara satyldy. Gadymy ýaryş awtoulagy auksionda satylan iň gymmat Ferrari we 2023-nji ýylda köpçülige satylan iň gymmat awtoulagdyr diýip, Bloomberg ýazýar. 2023-nji ýylda auksionlarda satylan iň gymmat 5 awtoulag: 1962-nji ýylda çykan Ferrari 330 LM / 250 GTO, 13-nji noýabrda 51,7 million dollara satyldy. 1967-nji ýylda çykan Ferrari 412P Berlinetta, 17-nji awgustda 30,2 million dollara satyldy. 17-nji noýabrda 18,8 million dollara satylan “Formula-1”-iň Mercedesi. 1962-nji ýylda çykan Ferrari 250 GT SWB California Spider, 2-nji martda 18 million dollara satyldy. 1964-nji ýylda çykan Ferrari 250 LM, 5-nji iýulda 17 million dollara satyldy. Iň ýokary bahadan köpçülige satylan on awtoulagyň ýedisi Ferrari-dir, şol sanda - 19-njy maýda RM Sotheby's-de 12 million ýewro satylan 1972-nji ýylda çykan Ferrari 312 PB. Şeýle hem 18-nji awgustda auksionda 13,2 million dollara 1957-nji ýylda çykan Jaguar XKSS we 31-nji ýanwarda 2022-nji ýylda çykan Bugatti Chiron Profilée 9,7 million ýewro satyldy. Bugatti - ýylyň iň köp satylan ulaglarynyň arasynda ýeke-täk döwrebap awtoulagdyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir