Antarktika pingwinleri günde 11 sagatdan gowrak wagt uklaýarlar. Täze gözlegiň netijesine görä, bu guşlar günde müňlerçe gezek, ýöne bary-ýogy 4 sekunt dowamlylykda uklaýarlar. Bu höwürtgelerine yzygiderli gözegçilik etmek bilen, gündelik uky zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Biologlar inwaziw däl datçikleriň kömegi bilen Antarktika pingwinleriniň (Pygoscelis antarcticus) koloniýasynda guşlaryň uky döwründe özüni alyp barşyny öwrendiler. Höwürtgeleýän wagtynda pingwin höwürtgesini ýyrtyjy guşlardan we beýleki pingwinlerden goramaly bolýar, onuň ýoldaşy bolsa birnäçe günläp iýmitlenýär. Uzak wagtlap uklamak höwürtgelerini we nesillerini howp astynda goýup biler. Şonuň üçin alymlar guşlaryň uzak wagtlap uklamaýandyklaryny, tersine, ýygy-ýygydan (takmynan 10 000 gezek) uklap, günde 11 sagatdan gowrak ukuda bolýandyklaryny anykladylar. Alnan netijeler mikro ukynyň uzak wagtlap uklamagyň, azyndan, käbir peýdalaryny gazanmaga kömek edýändigini görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir