Halkara hünärmenler topary 2-nji derejeli diabetiň (süýji keseliniň) döremek howpuny azaltmak üçin ýöremekdäki zerur tizligi kesgitlediler. Alymlar yzygiderli ýöremegiň 2-nji derejeli süýji keseliniň döremek ähtimallygyny peseldýändigini ozal tassyklapdylar. Şeýle-de bolsa, iň amatly ýöreýiş tizliginiň nähildigi heniz belli däldi. Munuň üçin awtorlar 1999 – 2022-nji ýyllar aralygynda neşir edilen on sany barlagy gözden geçirdiler. Olara ABŞ-dan, Ýaponiýadan we Beýik Britaniýadan jemi 500 müňden gowrak adam gatnaşdy. Derňew sagatda 3-5 kilometr tizlik bilen ýöremegiň (gezelenç üçin sarp edilýän umumy wagta bagly bolmazdan) 2-nji derejeli süýji keseliniň döremek howpuny 15 göterim azaldýandygyny ýüze çykardy. Şol bir wagtyň özünde, çalt ýöremek (sagatda bäş-alty kilometr) keseliň döremek ähtimallygyny 24 göterim azaltdy. Ýöremek tizligi sagatda alty kilometrden geçen gatnaşyjylaryň süýji keseline duçar bolmak ähtimallygy 39 göterim azaldy. Pyýada tizligiň her kilometrde ýokarlanmagy 2-nji derejeli süýji keseliniň döremek howpunyň dokuz göterim azalmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde, sagatda dört kilometr tizlik bilen ýörelende minutda iň az ädim sany erkekler üçin 87, aýallar üçin 100 ädime deňdir. Alymlar çalt ýöremegiň kardiorespirator ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrýandygy, myşsa güýjüni ýokarlandyrýandygy we agramy azaldýandygy belleýärler. Keseliň öňüni almak boýunça netijeler hem munuň bilen baglanyşyklydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir