BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakyndaky çarçuwaly konwensiýasynyň (COP28) taraplarynyň 28-nji konferensiýasynda Bütindünýa Bankynyň başlygy Ajaý Banga howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin taslamalara Bütindünýa Bankynyň her ýylda 40 milliard dollardan gowrak serişde goýbermegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ägirt uly başlangyç 2025-nji ýyldan başlap durmuşa geçiriler we maliýeleşdirme deslapky garaşylyşyndan 9 milliard dollar artyk bolar. Banga Halkara dikeldiş we ösüş bankynyň hem-de Halkara ösüş assosiasiýasynyň howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýumşatmaklyga-da we oňa uýgunlaşmaklyga-da serişdeleri deň derejede gönükdirjekdigini nygtady diýip, Trend habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir